Birža söwdalaryna
çykarylan harytlar
Dyed terry products in medium tones (kg.) 85.5 TM Aviation petrol B-92 (t.) $300 Cotton yarn Nm 34/1, harsh carded, sort 1(kg.) 37,8 TM Thick licorice root extract (t.) 12 571 TM Lighting kerosene brand КО-20 (t.) 7800 TM Dyed terry products in medium tones (kg.) 85,5 TM Denim fabric 12 ounces (m.) 40,5 TM Cotton fiber, type 4, sort 1 (t.) 81,71 TM Base oil brand SN-350 (t.) 13 500 TM
Calcined Petroleum Coke (t.) $1020 Urea brand "B" (t.) $230 Portland cement PS 500-G2O-K (t.) $36 Petrol brand А-92 (t.) $380 Mixed paraffin slack (t.) $1109 Calcined Petroleum Coke (t.) $1020 Polypropylene brand TPP D 30 S (t.) $1000 Type II-Ordinary packaging pellicle 25 µ (t.) $1754 5% alcohol solution of iodine (10 ml.) $0.79 Liquefied petroleum gas (t.) $300 Hydrotreated diesel fuel ECO-5 (t.) $300 Petroleum Bitumen (t.) $220

Eýrandan Türkmenistana eksport möçberi ýokarlandy

05.03.2025

Eýranyň häzirki ýylynyň 9 aýy boýunça (2024-nji ýylyň 20-nji marty- 20-nji dekabry) Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende (2023-nji ýylyň 21-nji marty – 21-nji dekabry) nyrh görkezijisinde 20,3 %, agram babatda 12,9 % ýokarlandy.

Bu barada Eýranyň Gümrük dolandyryşyna salgylanyp, Trend habar berýär. Statistika maglumatlaryna görä, 9 aýyň dowamynda Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksport möçberi 1,15 mln tonna barabar bolup, onuň umumy bahasy 404 mln ABŞ dollaryna deň boldy.

Statistika maglumatlarynda geçen ýylyň şol döwri üçin Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksport möçberi 1,02 mln tonna barabar bolup, onuň umumy bahasy 336 mln ABŞ dollaryna deň bolandygy barada aýdylýar. Esasan hem, oba hojalyk we azyk harytlary, senagat harytlary, transformatorlar, suw howa sazlaýjylary, nebit-himiýa önümleri eksport edildi.

Statistika laýyklykda, 9 aýyň dowamynda Eýran bilen Türkmenistanyň nebit däl söwda dolanyşygy 1,16 mln tonna bolup, umumy bahasy 420 mln ABŞ dollaryna barabar boldy.

Eýranyň Gümrük dolandyryşynyň statistikasyna görä, Eýranyň häzirki ýylynyň 9 aýynyň dowamynda ýurduň nebit däl önümleriniň eksport möçberi 116 mln tonna bolup, umumy bahasy 43,1 mlrd ABŞ dollara deň bolandygyny bellemeli. 9 aýyň dowamynda eýran nebit däl önümleriniň eksport möçberi geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, nyrh görkezijisinde 18 %, agram babatda bolsa 13,8 % ýokarlandy.

Orient