Harytlaryňyzy gümrükden çalt we ynamdar geçirýäris
«Teýli» hususy kärhanasy — import we eksport edilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek, resminamalary taýýarlamak we ýük gatnatmak boýunça hünärmen hyzmatlary.
Ynamdar gümrük hyzmatdaşy
Çaltlyk
Harytlary gümrükden iň gysga möhletde geçirýäris.
Kanunçylyga laýyklyk
Ähli amallar gümrük kanunçylygyna laýyklykda.
Tejribe
Daşary ykdysady geleşiklerde hünärmen topar.
Doly goldaw
Resminamalardan ýük gatnatmaga çenli hemme zat.
Hyzmatdaşlarymyzyň önümleri
Deklarant we gümrük dellaly barada käbir maglumatlar
Deklarant kim?
Gümrük deklarasiýasyny berýän şahs ýa-da adyndan gümrük deklarasiýasy berilýän şahs.
Gümrük dellaly (wekili) kim?
Deklarantyň ýa-da gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak hukugy berlen başga şahsyň adyndan we tabşyrygy boýunça gümrük operasiýalaryny amala aşyrýan araçy.
Gümrük deklarasiýasy näme?
Gümrük edarasyna berilmegi üçin zerur bolan maglumatlar görkezilýän bellenilen görnüşdäki gümrük resminamasy.
Gümrük meseleleriňizi bize ynanyň
Maslahat almak üçin biz bilen habarlaşyň — size kömek etmäge taýýar.